1-nji sentýabrdan Hytaýda ýurduň Senagat we maglumat tehnologiýalary ministrligi tarapyndan kesgitlenen radioýygylyklary dolandyrmagyň täze düzgünleri güýje girýär. Şondan soň Apple kompaniýasynyň MagSafe simsiz zarýad berijileriniň satuwy gadagan ediler diýip, Gagadget habar berýär. Bu täze düzgünleriň simsiz zarýad beriji gurluşlar üçin bellibir ýygylyklaryň ulanylmagyny çäklendirýändigi bilen baglanyşyklydyr. MagSafe indi Hytaýda gadagan edilen 360 kGs ýygylykda işleýär. Täze düzgünler diňe üç ýygylyk diapazonyny ulanmaga rugsat berýär: 100-148,5 kGs, 6765-6795 kGs we 13553-13567 kGs. Rugsat berilýän iň ýokary geçirijilik kuwwaty bolsa 80 Wt deň. Indi Apple Hytaý bazary üçin ýa-ha öz gurluşlarynyň işleýiş ýygylygyny üýtgetmeli bolar, ýa-da olaryň ýurtda satylmagyny düýbünden bes etmeli bolar. Gadaganlyk radioaragatnaşyklarda päsgelçilikleriň öňüni almak we ýaýlymda tertibi saklamak zerurlygy bilen kabul edildi. Şol bir wagtyň özünde, gadaganlyk güýje girmezden öň satylan önümlere bu täsir etmez.