Kia kompaniýasy 2-nji sentýabrda Hytaý bazaryna çykjak täzelenen K5 2025 biznes-sedanyny hödürlemäge taýynlanýar. Awtoulag daşky görnüşinde käbir üýtgeşmeleri alar: aňsatlyk bilen tanalýan faralar we çyralar, täzelenen bamper we täze 19 dýuýmlyk diskler. Bu barada, IXBT habar berýär. Esasy täzelenmeleri awtoulagyň salony aldy. Kia K5 2025 iki sany 12.3 dýuýmlyk ekran, täze howpsuzlyk ulgamlary, gyzdyrylýan oturgyçlar, JBL akustika we simsiz zarýad beriji bilen enjamlaşdyrylandyr. Esasy bäsdeşi – dokuzynjy nesil Toyota Camry-den tapawutlylykda täze K5 has giň interýer alar: ulagyň ölçegleri 4980 x 1860 x 1445 mm, teker bazasy 2990 mm. Camry-niň uzynlygy bolsa 4905 mm, teker bazasy 2825 mm. Şeýle-de bolsa, K5-iň kuwwatlylygy üýtgewsiz galar: 170 at güýjüni öndürýän 1,5 litrlik esasy hereketlendiriji we 240 at güýjüni öndürýän 2,0 litrlik iň ýokary hereketlendiriji. Täze önümiň bahasy tanyşdyrylyşdan soň belli bolar.