Ýaponiýanyň öňdebaryjy awtomobil konserni Toyota Motor 28-nji awgust agşamdan güýçli tupan “Şanşanyň” ýakynlaşmagy sebäpli Ýaponiýadaky ähli zawodlarynyň işini togtadar. Bu barada Kyodo agentligi habar berdi. Umuman, 14 gurnama zawody işlemegini bes eder. Çözgüt işgärleriň howpsuzlygyny üpjün etmek bilen baglylykda, şeýle-de ýollar ýapylan ýagdaýynda düzüm bölekleriniň iberilmeginiň gijikdirilmegi sebäpli kabul edildi. Ýaponiýada bu tupan sebäpli 230-dan gowrak awiagatnawlar hem ýatyryldy. Şeýle-de, tropiki tupan ýurduň kenaryna ýetende “sinkansen” ýokary tizlikli otlularynyň hereketini togtatmak we tizlikli ýollaryň birnäçesini ýapmak meýilleşdirilýär. 1-nji sentýabra meýilleşdirilen tebigy betbagtçylyklaryň öňüni almak boýunça ýyllyk umumymilli okuw hem ýatyryldy. Häzir “Şanşan” Kýusýu adasyndan günortada bolup, demirgazyk-gündogar tarapa hereket edýär. Tropiki tupanyň geçýän sebitinde ýeliň tizligi 45-60 m/s ýetýär.

Täzelikler, Ata Watan tarapyndan 3 months ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir