Özbegistanyň Nöküs şäherindäki “Ok Kuş” (“Ak guş”) toplumynda ýerleşýän garagalpaklaryň ak öýi Ginnesiň rekordlar kitabynyň şahadatnamasyny aldy. Ol dünýäde şuňa meňzeş sökülmeýän iň uly gurluş hökmünde ykrar edildi diýip, Gazeta.Uz habar berýär. Ak öýüň diametri 40,5 metr, beýikligi 22 metre ýetýär. Goýlan rekordyň şahadatnamasy Garagalpagystanyň Žokargy Kenesiniň başlygy Amanbaý Orynbaýewe gowşuryldy. Ak öý Orol Agro kompaniýasy tarapyndan guruldy. Oňa ýüzlerçe adam sygýar. Ondan öň, 20-nji awgustda bu ýerde Özbegistanyň prezidenti Şawkat Mirziýoýewiň telekeçiler bilen her ýylky dialogy geçirildi. Geljekde bu ýerde dürli medeni çäreleri we forumlary geçirmek meýilleşdirilýär. 50 gektar meýdanda ýerleşýän “Ok Kuş” toplumynda ak öýleriň sergisiniň gurnalandygy bellendi. Garagalpaklaryň ak öýünden başga-da, bu ýerde türkmenleriň, gazaklaryň, gyrgyzlaryň we beýleki türki halklaryň ak öýleri hem görkezildi.

Täzelikler, Ata Watan tarapyndan 4 months ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir