Barlaglar ýene 200 million ýyldan Ýer ýüzünde bir günüň 25 sagada çenli artyp biljekdigini görkezdi. Munuň sebäbi Aýyň planetamyzdan kem-kemden daşlaşýanlygydyr diýip, Daily Mail habar berýär. Alymlar Aýyň Ýerden her ýylda 3,81 sm daşlaşýandygyny, netijede günüň uzaklygyny artdyrjakdygyny anykladylar. Wiskonsin uniwersitetinden geofizik Stiwen Meýers bu prosesi ellerini uzadanda aýlanyşy haýallaýan figuralaýyn typyjy türgeniň hereketi bilen deňeşdirýär. Belli bir pursatda Aý durnukly aralyga ýeter we planetamyzyň diňe bir tarapyndan görner. Häzirki wagtda Ýer bilen Aýyň arasyndaky uzaklyk, takmynan, 383 023 km, hemra 27,3 günüň içinde planetamyzyň daşyndan bir öwrüm edýär. Şeýle-de bolsa, alymlar milliardlarça ýyl ozal Aýyň Ýere has ýakyn bolandygyny, munuň planetanyň has çalt aýlanmagyna sebäp bolandygyny bildiler. Mysal üçin, 1,4 milliard ýyl ozal bir gün 18 sagat töweregi dowam edipdir. Ýeriň aýlanmagyny haýalladýan faktorlaryň biri Aýyň umman daşgynlaryna grawitasiýa täsiridir. Umman suwunyň hereketi Ýeriň aýlanyşyny haýalladýar, şol bir wagtda Aý energiýa toplaýar we has ýokary orbita geçýär. Bu prosese howanyň üýtgemegi hem ýardam edýär. Ählumumy temperaturanyň ýokarlanmagy polýar buzlaryny eredýär we ummanlarda suw massasyny gaýtadan paýlaýar, bu bolsa haýallaşmany hasam güýçlendirýär.

Täzelikler, Ata Watan tarapyndan 4 months ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir