Müsüriň demirgazygyndaky Dumýat şäherinde ýerleşen Tel-el-Deýr nekropolynda 63 mazaryň üsti açyldy. Olar Ptolemeýler nesilşalygynyň döwründen artefaktlary saklaýarlar diýip, Müsüriň Syýahatçylyk we gadymy ýadygärlikler ministrliginiň metbugat gullugyna salgylanyp, Associated Press habar berýär. Tapyndylar Gadymy Müsüriň giçki döwrüne degişli altyndan ýasalan önümleri we gymmatly zatlary öz içine alýar. Şeýle-de, artefaktlaryň arasynda heýkeller, jaýlama doga-tumarlary we 38 sany bürünç teňňe bilen palçykdan ýasalan gap bar. Teňňeler Ptolemeýler döwrüne degişli hasaplanýar. Olaryň nesilşalygy Rim imperiýasynyň bir bölegi bolmazdan öň Müsürde iň soňky bolupdyr. Nesilşalyk b.e.öň 305-nji ýylda, Müsür Aleksandr Makedonskiý tarapyndan basylyp alnandan soň esaslandyryldy. Onuň ilkinji hökümdary Makedonskiniň janpenasy Ptolemeý boldy. Hökmürowanlyk nesilden-nesle geçip, biziň eýýamymyzyň birinji asyrynda Kleopatranyň hökümdarlygy bilen tamamlandy. Ptolemeýler nesilşalygy özüniň ylmyň we sungatyň ösüşine goşan goşandy bilen bellidir. Olaryň şalygynyň paýtagty – Aleksandriýa ellinizm döwründe grek medeniýetiniň merkezi bolupdyr. Ol ýerde Aleksandriýa muzeýi we Apolloniý Rodosskiý, Eratosfen Kirenskiý, Ewklid, Aristarh Samosskiý, Kallimah ýaly tanymal şahyrlaryň we alymlaryň işlän kitaphanasy bolupdyr. Häzir hünärmenler tapylan artefaktlary dikeltmek we toparlara bölmek boýunça işleri dowam etdirýärler.