Toyota Motor gibrid ulgamyny ulanmazdan 600 at güýjüne çenli kuwwaty öndürýän turbinaly 2,0 litrlik hereketlendirijini işläp taýýarlady. Bu barada Best Car ýapon neşiri içerki çeşmelere salgylanyp habar berýär. Ýaryş üçin niýetlenen görnüş bilen bir hatarda Toyota hereketlendirijiniň 550 Nm güýç pursaty bilen kuwwaty 400 at güýjüne barabar bolan ýol görnüşini çykarmagy meýilleşdirýär. Şeýle-de, 300 at güýjüni we 400 Nm güýç pursatyny göz öňünde tutýan pes kuwwatly görnüş elýeterli bolar. Öň, kompaniýa Subaru we Mazda bilen hyzmatdaşlykda täze hereketlendirijileri işläp taýýarlaýandygyny aýdyp, olaryň ýokary derejede netijeliligini, kuwwatyny we gibridler hem ýangyjyň alternatiw görnüşleri bilen sazlaşyklydygyny aýtdy. Täze hereketlendiriji kuwwaty boýunça häzirki 2,4 litrlikden öňe geçer, şol bir wagtyň özünde göwrüm taýdan kiçi we tygşytly bolar. Bu hereketlendirijiniň MR2 we Celica ýaly geljekki Toyota modellerine, şeýle-de GR-Four doly herekete getiriji ulgamly GRMN-iň ýokary öndürijilikli görnüşlerine oturdylmagyna garaşylýar.