Türkiýe ýurda syýahatçylyk maksatlary bilen gelýän daşary ýurtlulara ýaşamak üçin ygtyýarnamany bermegi bes eder. Bu barada içeri işler ministri Ali Ýerlikaý “Sabah” gazeti bilen söhbetdeşlikde aýtdy. Ministr 95 ýurduň raýatlarynyň Türkiýede wizasyz alty aýa çenli galyp bilýändigini belledi. Ýöne syýahatçylyk maksady bilen gelen adamlar ýaşamak üçin ygtyýarnamany almaga dalaş edip bilmezler. “Eger siz syýahatçy hökmünde gelseňiz, “Men çopan bolup işlemek isleýärin” diýip bilmeýärsiňiz. Watanyňyza gidiň, ol ýerde iş ygtyýarnamasyny almak üçin arza tabşyryň. Biz oňa iş tertibinde gararys. Öz maksatlaryňyz barada beýan ediň, biz şoňa görä size ýaşamak üçin ygtyýarnama bereris” – diýip, ministr aýtdy. Şol bir wagtyň özünde, ýaşamak üçin ygtyýarnama almak prosesi ýönekeýleşdiriler. Ony notariusda almak bolar, talyplar bolsa ýaşamak üçin ygtyýarnamany uniwersitetlerde resmileşdirip bilerler. Şeýle-de, Ýerlikaý ýurda gelýän ähli daşary ýurtlular üçin hökmany daktiloskopiýany girizmek ýaly täze çäreleri yglan etdi. Onuň aýtmagyna görä, barmak yzlary “geljekde” alnyp başlanar, bu häzir Beýik Britaniýa we ABŞ-a girilende ulanylýar. Bu üýtgeşmeler Türkiýede ýaşamak üçin ygtyýarnama almak isleýän daşary ýurtlularyň sanynyň artýan döwründe bolup geçýär. Ministriň aýtmagyna görä, Türkiýede 4,4 million daşary ýurtly hasaba alyndy. Geçen ýylyň oktýabr aýynda türk häkimiýetleri gozgalmaýan emläk satyn alnandan soň ýaşamak üçin ygtyýarnama almak talaplaryny berkitdiler. Resminamalary resmileşdirmek üçin ýaşaýyş jaýynyň iň pes bahasy 200 müň dollara çenli ýokarlandy. Öň, ol kiçi şäherler üçin 50 müň, megapolisler üçin 75 müň dollardy.

Täzelikler, Ata Watan tarapyndan 4 months ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir