12-nji awgustda türkmen tarapynyň başlangyjy bilen Birleşen Arap Emirlikleriniň Daşary işler ministrliginde Türkmenistanyň ilçisi S.Garajaýew BAE-niň Döwlet ministri Halifa Şahin Almarar bilen duşuşdy. Bu barada Türkmenistanyň BAE-däki ilçihanasynda habar berdiler. Duşuşykda taraplar iki ýurduň Daşary işler ministrlikleriniň ýolbaşçylarynyň, dürli ministrlikleriň wekilleriniň arasynda göni wideoaragatnaşyk arkaly duşuşyklary guramaklygyň mümkinçiliklerini ara alyp maslahatlaşdylar. Ilçi şeýle hem emirlikler tarapy bilen 2024-nji ýylyň 11-nji oktýabrynda Aşgabatda geçirilmegi meýilleşdirilýän Magtymguly Pyragynyň 300 ýyllygyna bagyşlanan halkara forumyna BAE-niň iň ýokary derejede wekiliýetiniň gatnaşmagynyň mümkinçiligini agzady hem-de bu wakanyň ähmiýetini nygtady. Döwlet ministri Halifa Şahin Almarar BAE-niň Daşary işler ministrliginiň BAE-niň Prezidentiniň Diwany bilen bilelikde bu mesele boýunça iş alyp barýandygyny mälim etdi.

Täzelikler, Ata Watan tarapyndan 4 months ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir