Saud Arabystanynyň territoriýany ösdürmek boýunça gullugy NEOM uzynlygy 2,8 kilometre ýetjek emeli köli döretmek işlerini alyp barýar. Akaba aýlagynyň kenaryndan 50 km uzaklykda we 1500-den 2600 metre çenli belentlikdäki daglyk ýerlerde ýerleşýän bu täsin taslama, 2029-njy ýylda geçiriljek Aziýa gyş oýunlaryna taýýarlyk işleriniň bir bölegidir. Aziýa oýunlaryndan soň ol ýerde dynç alyş merkezi bolar. Kölüň kenarlarynda kaşaň myhmanhana, ýaşaýyş jaýlary, restoranlar, şeýle hem dürli çäreler üçin konferensiýa zaly gurmak meýilleşdirilýär. Taslamany bellenilen möhletde tamamlamak üçin işler üznüksiz dowam etdirilýär diýip, Naked Science habar berýär.

Täzelikler, Ata Watan tarapyndan 4 months ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir