12-nji awgustdan türkmen milli senenamasynda ýaldyrak döwri başlandy. Ol 40 gün dowam edýär. Şol döwrüň içinde ol özüniň yssy gündizleri, salkyn gijeleri bilen eýýäm öňde güýzüň ýetip gelýändigini ýatladýar. Bu barada “Türkmenistan” gazetinde habar berilýär. Bellenilişi ýaly, bu döwürde daýhan güýzlük ekinleriň ugruna çykýar, maldar mallaryň güýz gyrkymynyň aladasy bilen bolýar. Bu ýyl üçýyldyz döwründe aşa gyzgyn günler köp boldy. “Ýaldyrak doganda, gündogarda daňdanlar görünýär. Ol adyndan belli bolşy ýaly, ýaldyrap, şöhle saçyp duran uly ýyldyzdyr. Göýä şu ýyldyzyň dogmagyna garaşýan ýaly, tebigatda dessine birnäçe üýtgeşmeler bolup başlaýar. Ilki bilen-ä, gijelerine howa salkynlaşyp, çyg düşüp başlaýar. Säher bilen ösümlikleriň ýapragynyň, öseriniň üstünde bulduraşyp duran çyg damjalary olara jan beren ýaly bolýar. Jöwzanyň bürüşdiren ýapraklary ýazylyp başlaýar. Çarwalar ýaldyrak dogandan soňra, güýz gyrkymyna taýýarlyk görse, daýhanlar bugdaý ekjek ýerlerini tekizläp, suwaryp başlaýarlar. Elbetde, bu ýagdaýlar ildeşlerimiziň göwün küýsegini-de görkezýär. Ýogsam ýaldyragyň dogmagy bilen entek öňde yssy günler ýeterlik” diýlip, gazetde bellenilip geçilýär. Ýaldyrak döwri 23-nji sentýabra çenli dowam edýär.

Täzelikler, Ata Watan tarapyndan 4 months ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir