Pakistan Yslam Respublikasynyň Premýer-ministri Muhammad Şahbaz Şarif Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowy Pakistana resmi sapar bilen gelmäge çagyrdy. Bu barada resmi metbugatda habar berildi. "Iýul aýynda Astanada Şanhaý Hyzmatdaşlyk Guramasynyň sammitiniň çäklerindäki ýakymly duşuşygymyz üçin Size hoşallygymy bildirmek isleýärin. Bu duşuşyk ýurtlarymyzyň arasyndaky hyzmatdaşlygy mundan beýläk-de pugtalandyrmak babatda birnäçe teklipler boýunça netijeli pikir alyşmaga mümkinçilik berdi. Pakistan-türkmen gatnaşyklaryny täze derejä çykarmakda Siziň şahsy garaýşyňyz mende uly täsir galdyrdy. Pakistan Türkmenistan bilen doganlyk gatnaşyklaryna ýokary baha berýär. Umumy taryhy, gymmatlyklary, geografik ýagdaýy bilen baglanyşan ýurtlarymyz dostlar we hyzmatdaşlardyr. Ikitaraplaýyn gatnaşyklary mundan beýläk-de ösdürmek maksady bilen, Siziň Alyhezretiňizi Pakistana resmi sapar bilen gelmäge çagyrýaryn hem-de Sizi garşy almak mümkinçiligine sabyrsyzlyk bilen garaşýarys" - diýlip, hatda bellenilýär.