Beýik Britaniýada Patyşa zikgehanasy gaýtadan işlenen elektron platalardan şaý-sep öndürip başlady diýip, New Atlas habar berýär. Kanadanyň Excir kompaniýasy tarapyndan işlenip düzülen tehnologiýany ulanyp, Günorta Uelsdäki täze zawodda zyňyndy çap platalarynyň altyny çykarylyp alynýar. 3700 m² meýdany tutýan zawod ýylda 4000 tonna çenli platany gaýtadan işlemäge ukyply. Gaýtadan işlemeklik birnäçe sekundyň içinde altynyň 99%-den gowragyny çykaryp almaga mümkinçilik berýän, ekologiýa taýdan arassa himiki ergini ulanmaklyga esaslanýar. Soňra altyn 886 atly şaý-sepler toplumyny döretmek üçin ulanylýar. Önümleriň bahasy 1525 funt sterlingden 2995 funt sterling aralygynda oýnaýar. Müň ýyldan gowrak taryhy bolan Patyşa zikgehanasy teňňeleriň ulanylyşynyň kemelmeginiň fonunda işjeňlik bilen ösüşiň täze ugurlaryny gözleýär. Elektron galyndylardan ýasalýan şaý-sepler şeýle ugurlaryň birine öwrüldi. Bu taşlanan elektronikadaky gymmatly çeşmelerden netijeli peýdalanmaga mümkinçilik berýär. BMG-nyň berýän maglumatlaryna görä, 2022-nji ýylda rekord derejede elektron galyndylary öndürilipdir. Bütin dünýäde hem gymmatly, hem zäherli materiallardan doly 62 million tonna telefon, kompýuter, telewizor we beýleki enjamlar zyňyldy. Guramanyň bilermenleri 2030-njy ýyla çenli elektroniki galyndylaryň mukdarynyň ýene 32% ýokarlanjakdygyny çaklaýarlar. Adamlar her ýyl 82 million tonna elektronikany zyňarlar.

Täzelikler, Ata Watan tarapyndan 4 months ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir