Höwesjeň arheologlar beýik astronom Nikolaý Kopernige degişlidir diýlip çaklanylýan 500 ýyllyk kompasy tapdylar. Tapyndy alymyň ömrüniň ep-esli böleginiň geçen we işlän ýeri bolan Polşadaky XIV asyra degişli Frombork galasynyň çäginden tapyldy. Daily Mail britan gazetiniň berýän habaryna görä, mis ergininden ýasalan kompas georadaryň kömegi bilen tapyldy. Munuň üçin höwesjeňler galanyň tutuş meýdanyny barlap çykdylar. Alymlaryň pikirine görä, kompas Kopernik tarapyndan astronomiki barlaglar üçin zerur ölçegleri geçirmek, şol sanda Ýeriň älemdäki orny baradaky düşünjäni üýtgeden geliosentrik nazaryýeti ösdürmek üçin ulanylan bolmagy mümkin. Kompasy tapan Warminska Grupa Exploracyjna öz sosial ulgamlarynda bu tapyndynyň Kopernigiň iş usullaryna düşünmek üçin möhümdigini belledi.

Täzelikler, Ata Watan tarapyndan 4 months ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir