Türkiýäniň gadymy Notion şäherinde arheologlar gadymy altyn teňňeleriň hazynasyny tapdylar. The New York Times-yň habar bermegine görä, teňňeleriň ýaşy 2400 ýyldan geçýär. Teňňeler – altyndan ýasalan pars darikleri, b. e. öň III asyrda gurlan jaýyň howlusynda geçirilen gazuw-agtaryş işleri wagtynda tapyldy. Dariklerde çep elinde ýaý we sag elinde uzyn naýza bilen dyz çöküp duran uzyn eşikli Pars şasynyň şekili bar. Teňňäniň arka tarapynda metal pullary ýasalanda ulanylýan punson belgisi bar. Häzirki wagtda tapylan teňňeler Selçuk şäheriniň Efes arheologiki muzeýinde ýerleşýär. Gözlegçileriň aýtmagyna görä, tapyndy ylymda möhüm ähmiýete eýedir, sebäbi şuňa meňzeş tapyndylar bu sebitde öň tapylmandy. Darikler esgerlere pul tölemek üçin ulanylýardy we alymlar, hazyna esgerleriň biri tarapyndan gizlenen bolmagy mümkin diýip çaklaýarlar. Şeýle hem, hazynanyň b. e. öň V asyrda Peloponnes söweşinden soň afinylylaryň Notiondan göçürilmegi bilen baglanyşykly betbagtçylyk sebäpli terk edilendigi çak edilýär.

Täzelikler, Ata Watan tarapyndan 4 months ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir