Fitch Ratings Halkara reýting agentligi Türkmenistanyň daşary ýurt walýutasynda emitentiniň uzakmöhletleýin defolt reýtingini «B+» bolanlygyndan «BB-» çenli ýokarlandyrdy. Reýting boýunça çaklama - "Durnukly". Bu ýokarlanma döwlet deňagramlylygynyň berkidilmegi we düýpli daşarky ätiýaçlyk gorlar bilen baglanyşyklydyr diýip, ORIENT ýazýar. Fitch-iň maglumatlaryna görä, Türkmenistanyň garaşsyz daşary ýurt serişdeleri 2024-nji ýylyň ahyryna çenli jemi içerki önümde 55,9% derejesinde çaklanylýar. Bu gatnaşdyryp boljak ýurtlaryň içinde iň ýokary görkeziji bolup durýar. Türkmenistanyň walýuta ätiýaçlyklary hem ýokarlanmagyny dowam edýär we bahalandyrmalara görä häzirki dowam edýän daşarky töleglerde 55 aýa barabardyr. Bu bolsa "BB" reýtingiň medianasyndan düýpli ýokarydyr. Fitch-iň analitikleri daşaky berginiň 2023-nji ýylda 8,5% bolanlygyndan 2025-nji ýylda daşarky girdejilerden 6,9%-e çenli peselmegini çaklap, Türkmenistanyň daşaky likwidliginiň mundan beýläk hem gowulanmagyny çaklaýarlar. Fitch 2021-nji ýylyň awgustynda Türkmenistana ilkinji gezek "Durnukly" çaklamasy bilen "B+" reýtingini berdi, 2023-nji ýylyň fewralynda bolsa çaklamasyny "Oňyn" diýip üýtgetdi. Kredit reýtingi harplarda belgilenýär - «A», «B», «C». Bu ýerde «A» tertibiň ýokarsynda ýerleşýär. "B" görkeziji "B-", "B", "B+" görkezijilerden ýokardan ýerleşýär, ondan soň "BB-", "BB", "BB+" ýerleşýär we şeýdip, "BBB+" görkezijä çenli ýokarlanyp gidýär. Ondan ýokarda "A" belgiler başlanýar. Bu reýting banklar we beýleki guramalar tarapyndan, şol sanda, ýurda garaşsyz maýa goýum bahalandyrmasyny almak isleýänler tarapyndan ulanylýar.