Toyota awtoulaglara typançak şertlerde heläkçiliklerden gaça durmaga kömek edýän emeli aň esasly täze tehnologiýany görkezdi. Tehnologiýany hödürlemek üçin datçikler we awtonom sürüş üçin üýtgeşmeler bilen enjamlaşdyrylan GR Supra ýaryş awtoulagynyň modeli ulanyldy diýip, Hi-tech Mail.ru ýazýar. Kaliforniýadaky Thunderhill Raceway ýaryş meýdançasynda iki sany GR Supra bilen geçirilen görkezilişiň çäklerinde emeli aň typýan awtoulagyň hereketini awtomatiki gözegçilikde saklady. Birinjiniň gapdalynda hereket edýän ikinji awtoulag çaknyşmazlyk üçin hakyky wagtda onuň hereketlerine reaksiýa bildirdi. Toyota tarapyndan Stenford uniwersiteti bilen bilelikde işlenip düzülen bu tehnologiýa beýleki awtoulaglaryň özüni alyp barşyny seljerýän, driftiň traýektoriýasyny meýilleşdirýän we heläkçiligiň öňüni almak üçin ruly, gazy we tormozy sazlaýan neýroset modelini ulanýar. “Biz dünýäde başga hiç kimiň etmedik zadyny etmegi başardyk. Hakykatdan-da iki awtoulagyň tandemde (sazlaşykda) awtonom (özbaşdak) süýşmegi görkezildi, bu ýerde ikinji awtoulag hakyky wagtda reaksiýa döredip, çaknyşmakdan gaça durýar - diýip, Toyota-nyň Research Institute interaktiw sürüş bölümçesiniň wise-prezidenti Awinaş Balaçandran belledi. — Ýollaryň näderejede howpsuz boljagyny göz öňüne getiriň".

Tehnologiýa, Ata Watan tarapyndan 4 months ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir