1-nji awgustynda ýurdumyzyň welaýatlarynda we etraplarynda, Aşgabat we Arkadag şäherlerinde mekdep harytlarynyň satuw-söwdasy badalga aldy. Söwda we daşary ykdysady aragatnaşyklar ministrliginiň kärhanalary tarapyndan okuw esbaplary, okuwçy we sport egin-eşikleri, aýakgaplar bilen üpjün etmek üçin ýurdumyzyň önüm öndürijileri we haryt getirijiler bilen hyzmatdaşlyk etmek esasynda degişli işler amala aşyryldy. Sanly ulgamy ösdürmek we halkymyza döwrebap hyzmatlary ýola goýmak maksady bilen, elektron söwda dükanlarynyň üsti bilen bu harytlary ilatymyza hödürlemek hem-de eltip bermek hyzmatlary ýola goýuldy. Täze okuw ýylyna taýýarlyk bilen bagly göçme söwda nokatlary guraldy. Olar okuwçylar we talyplar üçin zerur bolan harytlar bilen doly üpjün edildi. Mekdep bazarlary 5-nji sentýabra çenli dowam eder.

Täzelikler, Ata Watan tarapyndan 4 months ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir