Tebigaty goramak biologiýa institutynyň alymlar topary düýpli pikiri, ýagny Ýerde ýitip gitmek howpy abanýan haýwanlar üçin Aýda bioammar döretmek pikirini öňe sürdüler. Meýilnama laýyklykda, Ýeriň tebigy hemrasynyň temperaturasy hiç mahal Selsiýa boýunça 196 derejeden geçmeýän sebitlerinde kriokonserwasiýa tehnologiýaly ýörite otaglar oturdylmaly diýip, Eurekalert ýazýar. Bu otaglarda ýitmek howpy abanýan haýwanlaryň doňan öýjükli materiallary, şol sanda derini beýleki dokumalary we organlary goldaýan hem-de birleşdirýän süýümler bilen saklamak meýilleşdirilýär. Alymlaryň pikirine görä, bu tehnologiýa geljekde haýwanlary klonlaşdyrmaga we ýitip barýan görnüşleri “direltmäge” mümkinçilik döreder. Aýyň saýlanmagy Ýerde biologiki materiallary howpsuz saklamak üçin ýeterlik pes temperaturaly tebigy ýerleriň ýoklugy bilen baglanyşyklydyr. Aýda bolsa polýar sebitler we milliardlarça ýyl bäri Gün şöhlesi düşmedik hemişelik garaňky ýerler bar. Taslamanyň awtorlaryndan biri, Smitsonow Milli haýwanat bagynyň we Tebigaty goramak biologiýa institutynyň professory Meri Hagedorn antropogen çäreleriň köp haýwan görnüşlerine howp salýandygyny we olaryň ýok bolmak derejesiniň olary tebigy gurşawda halas etmek mümkinçiliginden ýokarydygyny belleýär. Aýdaky bioammar genetiki dürlüligi gorap saklamak we global ýitip gitmek bilen göreşmek üçin ygtybarly ätiýaçlyk ulgamyna öwrülip biler.

Täzelikler, Ata Watan tarapyndan 4 months ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir