X sosial ulgamy mahabat berijileriň gaýtadan ynamyna girmekde kynçylyklar bilen ýüzbe-ýüz bolýar. Kompaniýa Ilon Maskyň ýolbaşçylygyndaky hususy eýeçilige geçensoň, girdeji hasabatyny çap etmegini bes etdi. Şeýle-de bolsa, Emarketer-iň berýän maglumatlaryna görä, 2023-nji ýylda kompaniýanyň mahabat girdejisi 52% azalyp, 1,13 milliard dollar boldy. Emarketer-iň çaklamalaryna görä, şu ýyl mahabat girdejisi 2,5% azalar. Iýun aýynda X-iň ýolbaşçylary mahabat berijileriň 65%-iniň özleriniň platformadaky kampaniýalaryna täzeden başlandyklaryny, ýöne olaryň çykdajylarynyň azalmagynyň ähtimaldygyny habar berdiler. New York Times gazetiniň berýän habaryna görä, ABŞ-da X-nyň girdejisi 114 million dollar bolup, geçen çärýekden 25%, geçen ýylyň degişli döwri bilen deňeşdirilende bolsa 53% azalypdyr. 2024-nji ýylyň üçünji çärýeginde kompaniýa Olimpiýa oýunlary, futbol wakalary we saýlaw kampaniýalary bilen baglanyşykly mahabatdan 190 million dollar gazanmagy meýilleşdirýär. Şeýle-de bolsa, bu görkeziji, 2023-nji ýylyň üçünji çärýegine garanyňda, 25% pes bolar. Agzalan kynçylyklara garamazdan, Mask tarapyndan kompaniýanyň işini sazlamak üçin X-iň baş direktory wezipesine bellenen Linda geljege umytly garaýar. "Maksadym - hemmäňiziň üstünlik gazanmagyňyza we X-nyň global platforma öwrülmegine ýol açmak " - diýip, ol ozal kompaniýanyň işgärleriniň ýolbaşçylar bilen bolan ýygnagynda aýdypdy.

Täzelikler, Ata Watan tarapyndan 4 months ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir