Kia daşky görnüşinde düýpli üýtgeşmeler alan, täzelenen K8 sedanynyň ilkinji wideo tizerini hödürledi diýip, Carscoops ýazýar. Iň göze görnüp duran täzelikler awtoulagyň öň tarapyna degişlidir. Adaty elementleri täze dik optika we has kiçi radiator paneli bilen çalşyrylypdyr. Kia Sorento krossoweriniňkä meňzeş dik faralary LED zolak bilen birikdirilipdir. Awtoulagyň yzky bölegi hem, düýpli üýtgeşmeler girizilmezden, täzeden dizaýn edildi. Ulagyň içerki bölegi flagman Kia EV9 stilinde bezeler. Hereketlendirijileriniň setiri benzin we gibrid ulgamlaryny saklar. Täzelenen Kia K8-iň ilkinji görkezilişiniň awgust aýynda bolmagyna garaşylýar. Ol uzynlygy takmynan bäş metr bolan Toyota Camry-niň dokuzynjy nesli we beýleki biznes-sedanlar bilen bäsleşer.