Synchron neýrotehnologiki startapy beýni implantynyň Apple Vision Pro garniturasyna üstünlikli çatylmagyny mälim etdi. Synchron beýni-kompýuter interfeýsi (brain-computer interface, BCI) ysmaz hassa aň arkaly enjamlary dolandyrmaga kömek edýär diýip, CNBC habar berýär. Apple Vision Pro garniturasy, adatça, göz hereketleri, ses buýruklary we el hereketleri bilen dolandyrylýar. BCI-yň kömegi bilen, gürläp ýa-da ellerini gymyldadyp bilmeýän hassalar üçin garniturany dolandyrmak elýeterli boldy. Bu tehnologiýany ilkinji gezek amiotrofik gapdal sklerozdan ejir çekýän 64 ýaşly näsag Mark synady. 2023-nji ýylyň awgust aýynda Marka BCI Synchron implanty oturdyldy. Ol Vision Pro-ny hepdede iki gezek oýun oýnamak, sms ugratmak we telewizora tomaşa ýaly buýruklar bilen synagdan geçirýär. Elini surat çekmek üçin ulanyp bilmeýänligi üçin Vision Pro-da şekil döretmegi öwrenýär. Şeýle hem Mark asman ýyldyzlaryny öwrenmäge mümkinçilik berýän programmany halaýar. Mark: “Bu meniň özümi garaşsyz duýmagym üçin başga bir mümkinçilikdir. Aslynda bu gaty täsin”. Häzirki wagtda kompaniýa ABŞ-da alty, Awstraliýada dört hassa BCI-y oturtdy. Synchron-yň baş direktory Tomas Oksli, Apple-iň Vision Pro-nyň integrasiýasyny goldaýandygyny we kompaniýanyň geljekde beýleki öndürijileriň garnituralaryna BCI-y birikdirmegi meýilleşdirýändigini belläp geçdi. Startap ABŞ-nyň Azyk we derman serişdeleri müdirligi (FDA) tarapyndan tassyklanylandan soň, uly göwrümli kliniki barlaglardan geçer. Synchron startapy, Paradromics, Precision Neuroscience, Blackrock Neurotech we Neuralink ýaly kompaniýalaryň arasyndaky bäsdeşligiň bir bölegidir. Ýöne bu kompaniýalar özleriniň iş maksatlary, taslamalary bilen düýpgöter tapawutlanýarlar.