Qualcomm 5G-ni goldaýan iň arzan smartfonlar üçin niýetlenen Snapdragon 4s Gen 2 çibini anons etdi. Bu bahasy 100 dollara çenli bolan gurluşlar üçin niýetlenen geçen ýylky Snapdragon 4 Gen 2-niň kuwwaty birneme pes görnüşidir diýip, 3DNews ýazýar. Snapdragon 4s Gen 2 (SM4635) 4-nm tehprosesi arkaly öndürilýär. Onuň düzümine sekiz ýadro girýär: Ýygylygy 2,0 GGs bolan iki sany öndürijilikli Cortex-A78 ýadrosy Ýygylygy 1,8 GGs bolan alty sany energiýa taýdan tygşytly Cortex-A55 ýadrosy Ýygylyklar asyl Snapdragon 4 Gen 2 bilen deňeşdirilende 200 MGs peseldildi. Çipde ýörite signal prosessory Spectra ISP hem oturdyldy, ol şu aşakdakylary goldaýar: 32 Mp çenli durulykda kamerany ýa-da 16 Mp-den iki sanysyny; Sekuntda 30 kadrda we 1080p çenli durulykda wideo surata düşürmegi; 84 Mp çenli hereketsiz suratlary 1080p çenli durulyk we 90 Gs çenli täzelenme ýygylygy bilen displeýleri Simsiz birikdirmäniň mümkinçilikleri: 6 GGs (Sub-6GHz) çenli diapazonda 5G (NSA/SA) Bluetooth 5.1 802.11 b/g/n/ac Wi-Fi (Wi-Fi 6 bilen garyşdyrmaly däl) Iki ýygylykly GPS, GLONASS, BeiDou we NavIC Şeýle-de, öndürijiler gurluşlary USB 3.1 bilen hem üpjün edip, Qualcomm Quick Charge 4+ çalt zarýad beriş standartyny ulanyp bilerler.

Tehnologiýa, Ata Watan tarapyndan 4 months ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir