VACOR kompaniýasy dünýäde ilkinji gezek doly mehaniki ýürek implantyny adama üstünlikli oturtdy. Bu synag ABŞ-nyň Azyk we derman serişdeleriniň dolandyryş gullugynyň gözegçiligi astynda geçirildi diýip, Hi-Tech Mail.ru ýazýar. “Biwentrikulýar rotor gan nasosy” diýlip atlandyrylan enjam ýeke-täk hereket ediji bölegi (magnitli rotor) bolan titan mehanizmidir. Rotor şowsuz organyň iki tarapyny hem çalşyp, gan aýlanyşygy üpjün edýär. Täze tehnologiýanyň esasy aýratynlygy - onuň mehanizminde sürtülmäniň bolmazlygydyr, bu bolsa enjamyň hyzmat möhletini ep-esli uzaldýar we ygtybarlylygyny ýokarlandyrýar. Ýumruk ululygyndaky mehaniki ýürek kiçijik daşarky gözegçilik ediji bilen işleýär we minutda 12 litre çenli gan aýlap bilýär. Mehaniki ýüregiň, hakyky organ göçürilýänçä hassany wagtlaýyn diri saklamak üçin niýetlenendigini belläp geçmelidiris. BiVACOR kompaniýasynyň esaslandyryjysy we baş tehniki müdiri Deniel Timms: “Bu üstünlik ilkinji hassamyzyň we maşgalasynyň edermenligi, ösüş toparynyň yhlasy we Tehas ýürek institutynyň hünärmenleriniň kömegi bolmazdan mümkin bolmazdy. Bu öňdebaryjy tehnologiýa, ýürek transplantasiýasyna garaşýan adamlar üçin zerur bolan warianty üpjün etmäge bizi bir ädim ýakynlaşýar”. BiVACOR häzirki wagtda kliniki synaglaryň çäginde mehaniki ýüregi ýene iki hassa oturtmagy meýilleşdirýär. Synag üstünlikli geçirilen ýagdaýynda, hünärmenler täze tehnologiýa ýürek ýetmezçiliginden ejir çekýän müňlerçe adama elýeterli bolar diýip umyt edýärler.