NASA kosmosda lazer aragatnaşygyny üstünlikli synagdan geçirdi we uçardan 4K wideony Halkara kosmos stansiýasyna (HKS) we yzyna ibermek ukybyny görkezdi. Bu geljekki missiýalar üçin täze mümkinçilikleri açýar, şol sanda Aýdan, hatda Marsdanam göni ýaýlymlary guramagy öz içine alýar. Synag Pilatus PC-12 uçaryna oturdylan göçme lazer terminaly arkaly geçirildi. Signal Ýerden 35 405 km uzaklykda ýerleşýän Laser Communications Relay Demonstration (LCRD) görkeziş hemrasyna, soňra bolsa HKS-a iberildi. “Bu synaglar - uly üstünlik. Indi Artemis kosmonawtlarymyza ekipažyň saglygy we hereketlerini ugrukdyrmakda ähmiýetli boljak, HD wideo konferensiýasy ýaly, geljekki mümkinçilikleri hödürlemek üçin kosmos stansiýasyna we yzyna 4K HD formatdaky wideo akymyny geçirmekde üstünligimize esaslanyp bileris "- diýip, HDTN taslamasynyň esasy barlagçysy Deniýel Raýbl mälim etdi. Lazer aragatnaşygynyň adaty radio tolkunlaryna garanda birnäçe artykmaçlygy bar: ol has çalt, bu hakyky wagtda maglumat alyşmaga mümkinçilik berer we esasanam kosmos giňişligi şertlerinde has ygtybarly. Lazer aragatnaşyk tehnologiýasy 2028-nji ýyla çenli – NASA-nyň adamlary Aýa alyp barjak Artemis-4 missiýasy amala aşyrylýança kämilleşdiriler. Bu adamzada Aýa gonulyşyny hakyky wagtda 4K-formatda tomaşa etmäge mümkinçilik berer.