2023-nji ýylyň ikinji çärýeginde Apple ornuny ýerli öndürijilere berip, Hytaýyň smartfon bazaryndaky ilkinji bäş öňdebaryjynyň sanawyndan çykdy diýip, Reuters habar berýär. Canalys-yň seljerijileriniň berýän maglumatlaryna görä, Apple-iň paýy geçen ýylyň degişli döwri bilen deňeşdirilende, 2% azaldy we 14% boldy. Şol bir wagtyň özünde, Huawei-iň satuwy 41% ýokarlandy we kompaniýanyň bazardaky paýyny 15%-e ýetirdi. Apple hem öz gezeginde smartfonlaryň satuwyny 6,7 % azaltdy we 9,7 million birlige ýetirdi. Hünärmenler Huawei-iň üstünligini flagman Pura 70 smartfonlarynyň çykmagy bilen baglanyşdyrýarlar. Ýerli brendler Hytaý bazarynda öňdebaryjylygy saklaýarlar: Vivo (19%), Oppo (16%), Honor (15%) we Xiaomi (14%). Soňkysynyň satuwy, geçen ýyl bilen deňeşdirilende, 17% ýokarlandy (10 million birlige çenli). TechInsights-iň çaklamagyna görä, Huawei-iň ýylyň ahyryna çenli 50 milliondan gowrak smartfony Hytaý bazaryna iberer we bu kompaniýany Hytaýdaky iň uly smartfon satyjysy edip, bazardaky paýyny 19 göterime çenli ýokarlandyrýar. Geçen ýyl kompaniýanyň paýy 12%-den geçmändi.