“Formula-1-iň” “Maklaren” topary Mastercard transmilli maliýe korporasiýasy bilen uzak möhletleýin şertnama baglaşdy we netijede, korporasiýa bu toparyň hemaýatkäri boldy. Bu barada “Maklareniň” metbugat gullugyna salgylanyp, Çempionat portaly habar berýär. Mastercard brendingi 2024-möwsüminde birneme soň peýda bolar. “Mastercard dünýäniň niresinde bolsaňyz-da, derrew tanalýan meşhur gyzyl-sary logotipi bolan üýtgeşik brenddir. Mastercard biziň janköýerlere fantastiki täsirleri we özüňi ösýän global ýaryş jemgyýetimiziň bir bölegi hökmünde duýmak mümkinçiliklerini bermek hyjuwymyzy doly paýlaşýar. Biz olary “Maklaren” maşgalasynda görmäge şat” – diýip, toparyň metbugat gullugy baş müdir Zak Braunyň sözlerini getirýär. Mastercard-dan başga-da, kompaniýa bilen hyzmatdaşlyga “Ferrariniň”, “Mersedesiň” we “Aston Martiniň” dalaş edendigi habar berilýär.

Täzelikler, Ata Watan tarapyndan 5 months ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir