Bruneýiň soltany Hassanal Bolkiah tarapyndan sargyt edilen özboluşly Lamborghini LM002, SBX Cars onlaýn platformasynda auksiona çykaryldy. Bu ulagyň özboluşly aýratynlygy, 1989-njy ýylda italýan kuzow atelýesi Carrozzeria Diomante tarapyndan işlenip düzülen bäş gapyly kuzowydyr. Adaty Lamborghini LM002 dört gapyly pikap hökmünde öndürildi. Gapylaryň sanynyň köpeldilmeginden başga-da, awtoulag beýgeldilen üçek, goşmaça oturgyçlar, stereoulgam, telewizor we täzelenen interýer aldy. Satyjynyň aýtmagyna görä, Lamborghini LM002-niň diňe üç sanysy üýtgeşme aldy. Bu görnüş bolsa, kompaniýanyň özi tarapyndan tassyklanan ýeke-täk görnüş hasaplanýar. Awtoulagyň kuwwatlylygy üýtgewsiz galýar - Lamborghini Countach-dan bolan 450 at güýjüni öndürýän 5.2 litrlik V12. Ilkinji eýesi bu awtoulagda 1,7 müň km-den gowrak geçdi. Awtoulagyň ondan soňky eýeleriň arasynda BMW we Volkswagen AG-niň öňki başlygy Bernd Pişetsrideriň ady agzalýar.

Tehnologiýa, Ata Watan tarapyndan 5 months ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir