Honda 2025-nji model ýylynyň täzelenen Odyssey miniwenini hödürledi. Awtoulag birnäçe dizaýn üýtgeşmelerini, häzirki zaman tehnologiýalaryny we täzelenen içki bezegi aldy diýip, Motor1 ýazýar. Daşky üýtgeşmeler: radiatoryň gara reňkdäki gözenegi, ulaldylan faralar we Acura NSX-den alnan dik reflektorly täze arka bamper. Awtoulag Solar Silver Metallic we Smoke Blue Pearl reňklerde elýeterlidir. Odyssey Elite flagman modeli 19 dýuýmlyk diskleri aldy. Awtoulagyň salonynda ýedi dýuýmlyk sanly gural paneli, şeýle hem has güýçli prosessorly täzelenen 9 dýuýmlyk sensorly ekran bar. Android Auto-nyň we Apple CarPlay-iň simsiz birikme mümkinçiligi, şeýle hem has köp USB-C portlary goşuldy. awtoulag tehniki taýdan öňküligine galýar: 280 at güýjüni öndürýän 3,5 litrlik V-6 we 10 basgançakly awtomatiki geçiriji. Odyssey 2025-iň esasy wersiýasynyň bahasy 43 315 dollardan başlap, iň ýokary Elite wersiýasy 52 275 dollara ýetýär. ABŞ-da awtoulagyň satuwy 23-nji iýulda başlady.

Tehnologiýa, Ata Watan tarapyndan 5 months ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir