Nil derýasyna suwasty ekspedisiýa wagtynda fransuz we müsürli arheologlaryň topary faraonlaryň we ieroglifleriň şekilleri bolan gowak suratlaryny tapdy. Bu barada Müsüriň Syýahatçylyk we gadymyýet ministrligine salgylanýan Live Science habar berýär. Suratlaryň gowy saklanandygy bellendi. Tapyndy Asuan şäheriniň golaýynda, 1960-70-nji ýyllarda Asuan gidroelektrik toplumynyň gurluşygy wagtynda suw basan sebitde tapyldy. ÝUNESKO-nyň ýolbaşçylygynda suw joşmazyndan ozal arheologiki gymmatlyklaryň köpüsi göçürildi, ýöne göçürilmän galan artefaktlar hem bardy. Asuan Gadymy Müsüriň günorta serhediniň golaýynda ýerleşip, bu ýerde möhüm ybadathanalar, şol sanda Ramzes II-niň (b.e. öňki 1279–1213-nji ýyllarda höküm sürüpdir) 21 metrlik dört heýkeli bolan Abu Simbel ýerleşipdir. Şeýle hem bu sebitde biziň eýýamymyzyň 394-nji ýylynda iň soňky Müsür ieroglif ýazgysy ýazylan Filanyň ybadathana toplumy ýerleşipdir. Tapyndy barada jikme-jik maglumat entek köpçülige mälim edilmedi, arheologlar barlaglary dowam edýärler.