Carnewschina-niň berýän habaryna görä, 2024-nji ýylyň 29-njy hepdesinde (9-21-nji iýul) Xiaomi SU7 elektrik awtoulagynyň satuwy takmynan 35% peseldi. Bu üç aýyň içinde iň ýaramaz görkeziji boldy. Hepdäniň dowamynda diňe 1500 sany ulag satyldy, bu bolsa 2300 ulag satylandaky geçen hepde bilen deňeşdirilende 34,78% azdyr. Iýul aýynyň ilkinji üç hepdesinde Xiaomi Hytaýda 7500 elektrik ulagyny hasaba aldy. Satuwyň azalandygyna garamazdan, Xiaomi kompaniýasynyň baş direktory we esaslandyryjysy Leý Szýun kompaniýanyň iýun aýynda 10 000 sany ulag iberendigini we 2024-nji ýylda 120 000 ulag ibermegi meýilleşdirýändigini aýtdy. SU7 Xiaomi-niň şu wagta çenli bazardaky ýeke-täk awtoulag modelidir. Ol şu ýylyň 28-nji martynda satuwa çykarylypdy.

Tehnologiýa, Ata Watan tarapyndan 5 months ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir