Beýik Britaniýa Ýewropada laboratoriýa şertlerinde ösdürilip ýetişdirilen emeli etiň satylmagyna rugsat beren ilkinji ýurt boldy. Häzirlikçe şeýle eti diňe haýwanlaryň iýmitinde ulanyp bolýar diýip, Financial Times gazeti habar berýär. Meatly kompaniýasy eýýäm şu ýyldan başlap iým öndürijilere emeli ösdürilip ýetişdirilen towuk etini satyp başlar. Startapyň baş direktory Ouen Ensor önümiň Beýik Britaniýada tassyklanmagynyň ÝB-niň berk düzgünlerinden çykmaga mümkinçilik beren Brekzit arkaly mümkin bolandygyny aýtdy. Ensoryň pikirine görä, bu waka emeli et bazarynyň ösmegine itergi bolar. Winçester uniwersitetiniň geçiren barlagynyň netijesine görä, iňlisleriň 50% -i emeli eti öý haýwanlaryna iýdirmek isleýän bolsalar, 32% -i ony özleri iýmek isleýändiklerini aýtdylar. Iňlis düzgünleşdirijileri entek emeli etiň adam iýmitinde ulanylmagyny tassyklamadylar. Ondan öň ABŞ, Ysraýyl we Singapur şeýle ädimi ätmek kararyna gelipdi. Soýa ýa-da nohut belogyndan öndürilýän, ösümlik esasly etden tapawutlylykda, emeli et doly bahaly haýwanyň bir bölegi bolan öýjüklerden laboratoriýada ösdürilýär.