adidas we Marvel Studios “Dedpul we Rosomaha” filmine bagyşlanan täze hyzmatdaşlygy yglan etdiler. Onuň çäklerinde bu filmden ruhlanan krossowkalar, köýnekçeler we beýleki eşik predmetleri çykarylar. Kolleksiýa filmiň iki sany baş gahrymanynyň (Dedpul we Rosomaha) stilinde ýerine ýetirilen Rivalry Low krossowka jübüti girer. Şeýle-de, ýaňra Dedpula bagyşlanan Adizero Electric jübüti hödürlener. Marvel bilen hyzmatdaşlyk adidas üçin ilkinji däl. Mundan öň, brend “Gara babyr: Wakanda ebedi” filmine bagyşlanan merçandaýzy çykardy. “Dedpulyň” üçünji bölüminiň äheňinde ýerine ýetirilen harytlar ýygyndysy 1-nji awgustda satuwa çykar. Baş keşpleri Raýan Reýnolds bilen Hýu Jekmanyň ýerine ýetirmeginde “Dedpul we Rosomaha” filminiň premýerasy 26-njy iýulda bolar.

Täzelikler, Ata Watan tarapyndan 5 months ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir