Samsung kompaniýasy galyňlygy bary-ýogy 7-8 mm bolan eplenýän smartfony işläp taýýarlamaga girişdi. Günorta Koreýanyň Naver neşiriniň maglumatlaryna görä, gurluş bazarda iň inçesi bolup biler. Maglumatlara görä, gürrüň galyňlygy 10 mm töweregi boljak täze nesil Galaxy Z Fold6 Slim barada däldir. Heniz ady we çykyş senesi bolmadyk täze smartfon has inçe – 7 mm töweregi galyňlykda bolar. Deňeşdirmek üçin: täze Galaxy Z Fold6 eplenen görnüşde 12,1 mm galyňlyga, Honor Magic V3 bolsa 9,3 mm galyňlyga eýe bolýar. Häzirlikçe şeýle inçe eplenýän smartfony ulanmagyň näderejede howpsuz boljakdygy belli däl. Bu ýerde gurluşyň awtonomlygy hem mesele döredýär, sebäbi inçe korpusda uly akkumulýatory ýerleşdirmek mümkin bolmaz. Mysal üçin, Galaxy Z Fold6-da bary-ýogy 4400 mA/sag sygymly batareýa oturdylan. Şeýlelikde, kompaniýanyň eplenýän smartfonda şeýle galyňlygy nämäniň hasabyna gazanjakdygy näbelli bolmagynda galýar.