Ispaniýanyň Patyşalyk futbol federasiýasy (RFEF) öz resmi saýtynda 2030-njy ýylyň dünýä çempionatynyň oýunlaryny kabul etjek 11 şäherden ybarat sanawy ýerleşdirdi. Oýunlar şu aşakdaky meýdançalarda geçiriler: “Anoeta” (San Sebastýan) “Kamp Nou” (Barselona) “Gran Kanariýa” (Las Palmas) Olimpiýa stadiony (Sewilýa) “Rosaleda” (Malaga) “Nuewa Romareda” (Saragosa) “Kornelýa-El Prat” (Barselona, Kornelýa El Prat) “Riasor” (La Korunýa) “San Mames” (Bilbao) “Metropolitano” (Madrid) “Santýago Bernabeu” (Madrid) Öň, KHBS ýaryşyň final oýnunyň hut “Santýago Bernabeuda” geçiriljekdigini habar berdi. DÇ-2030 alty ýurtda geçiriljek taryhda ilkinji ýaryş bolar: Urugwaý, Argentina, Paragwaý, Marokko, Ispaniýa we Portugaliýa. Argentinanyň, Paragwaýyň we Urugwaýyň milli ýygyndylary toparlaýyn tapgyrda başlangyç oýunlaryny öz stadionlarynda geçirerler. Oýnuň esasy bölegi Marokkonyň, Ispaniýanyň we Portugaliýanyň çäklerinde geçer. Ilkinji gezek 1930-njy ýylda Urugwaýda geçirilen dünýä çempionaty 2030-njy ýylda 100 ýyllygyny bellär. Ýaryşyň ähli oýunlarynyň geçiriljek ýeri barada gutarnykly karar 31-nji iýulda kabul ediler.

Täzelikler, Ata Watan tarapyndan 5 months ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir