Orbitada iýmitiň tagamy Ýerdäki ýaly tagamly görünmän biler. Kosmonawtlar Ýeriň daşynda iýmitiň tagamynyň şor duýulýandygyny aýdýarlar. Şol sebäpli olara bedeniň gündelik talap edýän iýmitini almak kynlaşýar. Melburnyň Patyşalyk Tehnologiýa Uniwersitetiniň alymlary kosmosda tagam reseptorlarynyň üýtgemeginiň birnäçe faktorlar bilen baglanyşyklydygyny anykladylar. International Journal of Food Science and Technology žurnalynda çap edilen barlagyň netijesine görä, kosmonawtlaryň ýalňyzlygy we üzňeligi iýmitiň ysyny almagyna we tagamyny duýuşlaryna täsir edip biler. Barlagçylar waniliň, badamyň we limonyň efir ýagynyň yslarynyň Halkara kosmos stansiýasynda nähili kabul edilýändigini barlamak islediler. Munuň üçin meýletinçileri HKS-y simulýasiýa edýän şertli ýere ýerleşdirdiler. Synaga gatnaşyjylara wirtual hakykat garniturasyny hem geýdirdiler. Netijede, meýletinçiler limonyň tagamynyň üýtgewsiz galandygyny, waniliň we badamyň tagamlarynyň bolsa has güýçlenendigini habar berdiler. Alymlar olardan benzaldegid tapdylar. Bu süýji ysly himiki maddadyr. Alymlar: "Ýalňyzlyk we üzňelik duýgusynyň ýokarlanmagy hem rol oýnap biler we bu gözleg izolirlenen adamlaryň iýmitiň ysyny we tagamyny nähili kabul edýändigini görkezýär" – diýip nygtadylar. Ýene bir faktor agramsyzlykdyr. Ýer bilen deňeşdirilende üýtgän dartyş güýji suwuklygy bedeniň aşaky böleklerinden ýokarsyna galdyrýar. Şol sebäpli ýüz çişýär we burun dykylýar. Şeýle üýtgeşmeler ys alyş we tagam biliş duýgusyna täsir edýär. Kosmonawtlar şeýle alamatlaryň HKS-na barandan birnäçe hepde geçensoň ýok bolýandygyny, ýöne şonda-da iýmiti öňküsi ýaly duýup bilmeýändiklerini aýdýarlar. Barlagyň awtorlary alnan maglumatlaryň kosmonawtlar üçin has ýakymly iýmitleri ösdürmäge kömek etjekdigine ynanýarlar, bu kosmosda uzak möhletli işler geçirilende aýratyn möhümdir. Barlagyň netijeleri Ýerde sosial izolýasiýany başdan geçirýän adamlaryň durmuş derejesini ýokarlandyrmak üçin hem ulanylyp bilner.