Hytaýyň Gansu welaýatynda dünýäde ilkinji goşa diňli Gün toplaýjy elektrik stansiýasynyň gurluşygy tamamlanyp barýar diýip, Naked Science habar berýär. Desga konsentrik tegeleklerde ýerleşdirilen 30 000 aýna bilen gurşalan 200 metrlik iki diňden ybarat. Täze elektrik stansiýasynyň ýylda 1,8 milliard kilowat-sagatdan gowrak elektrik energiýasyny öndürmegine garaşylýar. Adatça bolşy ýaly, biriniň ýerine iki diňiň ulanylmagy Gün şöhlesiniň olaryň hersine iň ýokary täsir bilen şöhlelenmegine mümkinçilik döreder we elektrik stansiýasynyň netijeliligini 24%-e çenli ýokarlandyrar. Bug turbinalaryny herekete getirmek üçin aýnalaryň kömegi bilen Gün şöhlesini jemlemäge esaslanýan täze tehnologiýa dünýäde köpden bäri ulanylýar. Şeýle-de bolsa, Hytaý elektrik stansiýasy ilkinji bolup iki diňli ulgamy ulanar. Täze elektrik stansiýasyny 2024-nji ýylyň ahyrynda işe girizilmek meýilleşdirilýär.