Apple eplenýän ekranly iPhone-laryň işlenip düzülmek prosesine täzelenmeler girizýär. Muňa kompaniýanyň ABŞ-nyň Patent we söwda belligi edarasyndan (USPTO) alan täze patenti şaýatlyk edýär.​ "Eplenýän ekranly elektron enjamlar" diýlip atlandyrylýan bu resminama, Apple-e çydamly we ygtybarly çeýe ekrany döretmäge mümkinçilik berýän tehnologiýany açýar. Patente görä, Apple ekranyň dürli ýerlerinde dürli galyňlykdaky aýnalary ulanmagy teklip edýär. Ekranyň gyralarynda galyň aýna, inçe aýna bolsa epine has ýakyn bolan ýerde ulanylar. Bu ekranyň eplenýän ýerinde epin yzlarynyň emele gelmeginiň öňüni alar. Ozal habar berşimiz ýaly, Apple eplenýän ekranly iPhone-laryň işini bäsdeşleriniň ygtybarsyzlygy sebäpli togtadypdy. Täze tehnologiýa bu meseläni çözüp, kompaniýa eplenýän ekranly smartfonlary 2026-njy ýyldan soň çykarmaga mümkinçilik berer. iPhone-dan başga-da, Apple eplenýän ekrany iPad we MacBook ýaly beýleki enjamlarda hem ulanmagy meýilleşdirýär. Ýöne Apple bu maglumaty resmi taýdan tassyklamady.

Tehnologiýa, Ata Watan tarapyndan 5 months ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir