19-njy iýulda Xiaomi kompaniýasy täze gurluşlarynyň tanyşdyrylyşyny geçirdi. Esasy täzelikleriň arasynda iki sany eplenýän smartfon bar: Mix Flip we Mix Fold 4. Xiaomi Mix Flip kompaniýanyň ilkinji açylyp-ýapylýan smartfonydyr. Ol diagonaly 4,01 dýuým bolan uly daşky ekran, iki kamera we 4780 mA/sag akkumulýator bilen tapawutlanýar. Şeýle-de, gurluş 6,86 dýuým diagonally we 120 Gs kadr ýygylykly AMOLED displeýine hem-de Snapdragon 8 Gen 3 prosessoryna eýedir. Mix Flip gara, ak, benewşe reňklerde we ýörite Nylon fiber görnüşinde elýeterlidir. Mix Flip-iň tehniki aýratynlyklary: Daşky ekran: 4,01 dýuým, All Around Liquid External Display Esasy ekran: AMOLED, 6,86 dýuým, 2912 x 1224 piksel, 120 Gs Prosessor: Snapdragon 8 Gen 3 Operatiw ýat: 12/16 GB Ýat: 256 GB/512 GB/1 TB Akkumulýator: 4780 mA/sag, 67 Wt Kameralar: 50 Mp + 50 Mp Ölçeg: 167,5 х 74 х 7,6 mm Agram: 190 g Hytaýda baha: 820 dollardan başlaýar

Tehnologiýa, Ata Watan tarapyndan 5 months ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir