Xiaomi diňe bir täze smartfonlaryny we dakylýan gurluşlaryny däl, eýsem SU7 elektrik sedanynyň iň ýokary görnüşini hem hödürledi. SU7 Ultra elektrik giperkary V6s hereketlendirijisi bilen üsti ýetirilen iki sany V8s hereketlendirijisine eýe boldy – ulgamyň umumy kuwwaty 1548 at güýjüne barabar. Elektromobiliň haýran galdyryjy tehniki aýratynlyklary bar: 100 km/sag çenli bat alyş: 1,97 sekunt 200 km/sag çenli bat alyş: 5,96 sekunt 300 km/sag çenli bat alyş: 15,07 sekunt Iň ýokary tizlik: sagatda 350 km-den gowrak Tormoz ulgamy: 6-nokatly support bilen AP Racing 100 km/sag-dan tormoz ýoly: 25 metr

Tehnologiýa, Ata Watan tarapyndan 5 months ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir