Porsche resmi taýdan Panamera Turbo S E-Hybrid sportkaryny hödürledi. Bu model ýakynda Nýurburgring ýolunda rekord goýdy. Sportkar kuwwaty 591 at güýji bolan iki turboly 4,0 litrlik hereketlendiriji bilen üpjün edildi. Goşa birleşdirijili sekiz basgançakly awtomatiki hereket geçiriji gutuda gurnalan elektrik hereketlendirijisi bolsa ýene 187 at güýjüni berýär. Bilelikde olar 771 at güýjüni öndürýärler, bu öňki modelden 81 at güýji ýokarydyr. Modeliň aýratynlyklary: ·Umumy kuwwaty: 771 at güýji ·Aýlanma pursaty: 1000 Nm ·100 km/sag çenli bat alyş: 2,8 sekunt ·Iň ýokary tizlik: 325 km/sag ·Akkumulýator batareýasynyň sygymy: 25,9 kWt/sag (45% ýokarlandyrma) Şeýle-de, täze awtoulag keramiki tormozlara, merkezi berkidiji bilen 21 dýuým disklere, uglerod süýüminden aerodinamiki topluma we Michelin Pilot Sport Cup 2 şinasyna eýe boldy. Porsche Panamera Turbo S E-Hybrid sargyt etmek üçin opsiýalary hasaba almazdan 228,5 müň dollar baha bilen elýeterlidir.

Tehnologiýa, Ata Watan tarapyndan 5 months ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir