Audi kompaniýasy resmi taýdan täze A5 awtoulaglarynyň maşgalasyny hödürledi. Ol S5 we A5 liftbegini, şeýle hem S5 Avant we A5 uniwersalyny öz içine alýar. Täze modeller PPC platformasynda guruldy diýip, Auto.ru ýazýar. Hereketlendirijileriň gammasy 150 we 204 at güýjüni öndürýän 2 silindrlik benzinli hereketlendirijisini öz içine alýan benzin we dizel hereketlendirijilerinden ybaratdyr. Şeýle hem, S wersiýalary üçin 367 at güýjüni öndürýän 3.0 litrlik V6 we 204 at güýjüni öndürýän 2.0 silindrlik turbodizel üpjün edilendir. A5 awtoulaglarynyň täze nesli 11,9 dýuýmlyk paneli, 14,5 dýuýmlyk merkezi taçskrini (sensorly ekrany) we 10,9 dýuýmlyk ýolagçy displeýini öz içine alýan 3 sany ekran bilen enjamlaşdyrylandyr. A5-iň satuwy Ýewropada noýabr aýynda başlar, iýul aýynda bolsa 45,2 müň ýewro bahasy bilen sargyt etmäge elýeterli bolar. Kompaniýada aýdylyşyna görä, iki gapyly kuzowlar indi elýeterli bolmaz. Kupe we kabriolet eýýäm ABŞ-da satylmaýar. Indiki ýylda bolsa, gibrid gurnamasy bolan RS-iň zarýadly wersiýasynyň peýda bolmagyna garaşylýar.