NASA Missi Elliottyň “The Rain” atly hip-hop aýdymyny Wenera ibermek bilen adaty bolmadyk synag geçirdi. Deep Space Network-iň (DSN) kömegi bilen aýdymyň kosmosa iberilmegi taryhda ikinji gezekdir diýip, Hi-tech Mail.ru habar berýär. Bu aýdym Kaliforniýanyň Goldstoundaky Deep Space Station 13-üň antenasy arkaly iberildi. Signal 254 million km aşyp, Wenera 14 minutda baryp ýetdi. “The Rain” aýdymynyň Wenera iberilmegi tötänleýin däldir. Missi Elliott bu planetany güýç-kuwwatyň, gözelligiň nyşany hökmünde saýlady. NASA-nyň ştab-kwartirasynyň sanly tehnologiýa bölüminiň müdiri Brittani Braun: “Aýdymçy öz kliplerinde kosmos sýužetlerini birnäçe gezek ulandy, şonuň üçin üýtgeşik bir zadyň üstünde işlemek mümkinçiligi bu dünýä üçin gereklidir.” “The Rain” Ýeriň çäginden çykan ilkinji hip-hop aýdymy boldy. Şeýle-de bolsa, kosmosa ilkinji gezek iberilen aýdym hip-hop däl-de, rok aýdymdyr. 2008-nji ýylda The Beatlesiň "Across the Universe" aýdymy kosmosa iberildi.