NASA we Howe Industries kompaniýasy adamlary Marsa iki aýyň dowamynda eltip biljek täze raketa ulgamyny döretmek üçin tagallalaryny birleşdirdiler. Taslama Pulsed Plazma Rocket (PPR) diýlip atlandyrylýar we häzirki wagtda ol NASA-nyň Innovative Advanced Concepts maksatnamasynyň maliýeleşdirmeginde işläp taýýarlamaklygyň ikinji tapgyrynda barýar. PPR-ni işläp taýýarlamak bilen esasy maksat - Marsa uçuşyň wagtyny azaltmak. Häzirki bar bolan tehnologiýalar arkaly syýahat etmek iki ýyla golaý wagt alýar, bu bolsa kosmiki radiasiýanyň kosmonawtlaryň saglygyna täsir edýändigi sebäpli diýseň howpludyr. PPR kuwwatly itergi döretmek üçin ýokary derejede gyzdyrylan plazmanyň impulslaryny ulanar. Ulgam 4-6 ýolagçyly apparatyň sagatda takmynan 160 müň kilometre çenli tizlik bilen hereket etmegine mümkinçilik berýän 5000 sekuntda udel impuls döretmäge ukyplydyr. Howe Industries, ýokary tizlige garamazdan, tormoz tutmak we Marsa gonmak üçin zerur bolan goşmaça energiýanyň we ýangyjyň gerek boljakdygyny göz öňünde tutandygyny aýdýar. PPR-y işläp taýýarlamak uzak möhletli taslama hasaplanýar. Hereketlendirijiniň synagyny we synag kosmos gämisiniň gurluşygyny öz içine alýan ikinji tapgyry tamamlanmak üçin, hatda birnäçe onýyllyk gerek bolar. Şeýle-de bolsa, taslama şowly bolsa, PPR diňe bir Marsa däl, eýsem beýleki planetalara-da uçuş wagtyny azaldyp, kosmos syýahatynda öwrülişik döredip biler.

Tehnologiýa, Ata Watan tarapyndan 5 months ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir