Xiaomi kompaniýasy awtomobilleri özbaşdak öndürmek üçin ygtyýarnama aldy. Bu barada Hytaýyň Senagat we söwda ministrligine salgylanyp, carnewschina habar berýär. Mundan öň kompaniýa awtoulaglary BAIC hytaý korporasiýasy bilen bilelikde çykarýardy. Hyzmatdaşyň üýtgemegi awtomobilleriň logotipine-de täsirini ýetirdi: Xiaomi-niň saýtynda SU7 modeliniň dört sany täzelenen görnüşi peýda boldy (XMA7000MBEVR2, XMA7000MBEVR3, XMA7000MBEVR5 we XMA7000MBEVA1). Olaryň aýratynlyklary üýtgemedi, ýöne yz tarapdaky logotip Beijing Xiaomi-den diňe Xiaomi-ä üýtgedi. Öň, täze energiýa çeşmelerinde (NEV) işleýän awtomobilleri öndürmek üçin BAIC New Energy, Changjiang Automobile, Chery New Energy, JAC Volkswagen we Changhe Suzuki ýaly diňe 16 kompaniýa/brend tassyklanypdy. Iýun aýynda Xiaomi müşderilere 10 000-den gowrak awtomobil iberdi we iýul aýynda üpjünçiligiň 10 000-den gowrak bolmagyna garaşýar. Deňeşdirmek üçin: maý aýynda 8630 birlik SU7 modeli satyldy, aprel aýynda – 7058 birlik.

Tehnologiýa, Ata Watan tarapyndan 5 months ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir