Hytaýyň awtoulag bazarynda baha "döwüşlik" dowam edýär. Elektrik ulaglarynyň we gibridleriň barha artýan meşhurlygyna garşy durmak üçin ýapon we nemes awtoulag öndürijileri nusgawy benzin modellerini ep-esli arzanladyş bilen hödürleýärler. Toyota, Honda we Volkswagen meşhur modellerini 30 göterime çenli arzanladyş bilen hödürleýär. Hususan-da, 2,0 litrlik benzin hereketlendirijili we wariatorly Toyota Camry XV80-ni indi, ähli arzanladyşlardan we ýörite tekliplerden soň, 16,5 müň dollara satyn alyp bolýar. Honda Accord 14,7 müň dollara satylýar. Volkswagen Passat-y 14,5 müň dollara satyn alyp bolýar - bu modeldäki arzanladyşlar 10,6 müň dollara ýetýär. Bahalaryň aşakladylmagy ýapon we nemes markalarynyň elektrik ulaglaryň we gibridleriň çalt meşhurlyk gazanýan Hytaý bazaryndaky paýyny saklamaga synanyşyklar bilen şertlendirilýär. Iýun aýynda Camry-niň we Accord-yň, takmynan, 12 müň birligi satyldy. Volkswagen Passat iň gowy netijeleri görkezýär - bu modeliň 17,1 müň birligi satyldy.

Tehnologiýa, Ata Watan tarapyndan 5 months ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir