Häzirki wagtda Internet we sosial ulgamlar durmuşymyza mäkäm ornaşdy. Adamlar çagalygyndan gajetleri ulanmagy öwrenýärler we Internete ir aralaşyp başlaýarlar. San maglumatlaryna görä, Internet dünýäniň ilatynyň 66%-i (takmynan 5,44 milliard adam) üçin elýeterlidir. Bu san artmagyny dowam etdirer: 2029-njy ýyla çenli bu görkezijiniň 7,9 milliard adama ýetmegine garaşylýar. Orta hasap bilen adamlar günde 6,5 sagat wagtyny onlaýnda geçirýär, ýaşlar-ha Internetde ondanam uzak wagt oturýarlar. Şunu bilen baglylykda, Internetiň olaryň akyl we beden saglygyna ýetirýän täsiri babatda aladalar artýar diýip, TASS habar berýär. ABŞ-nyň Milli Saglygy goraýyş institutynyň (NIH) geçiren soňky barlaglary Internete baglanmagyň beýnide, esasanam çagalarda we ýetginjeklerde gurluş üýtgemelerine sebäp bolup biljekdigini görkezýär. Alymlar Internetden üznüksiz peýdalanmagyň, esasanam onlaýn oýunlary aşa köp oýnamagyň beýnidäki öwezini doluş ulgamynyň bozulmagyna, pikirleniş ukybynyň, ýadyň peselmegine we çözgüt tapmak, belli bir karara gelmek endiginiň ýaramazlaşmagyna sebäp bolup biljekdigini anykladylar. Netijede, adam bedeni, goşmaça daşyndan höwes bolmasa, dopamin öndürmegi bes edýär, bu bolsa addiksiýaly hassany endigine gaýta-gaýta dolanyp gelmäge mejbur edýär. Netijede, özüni göçgünli alyp baryp başlaýar, töwekgel hereketleri edýär we soňlugy bilen bolsa köpçülikden halys üzňeleşýär. Köp wagtyny ekranyň öňünde geçirýän çagalaryň dili ösüşde gijä galýar, kesgitli karara gelmekde kynçylyk çekýär. Barlaglar, hatda ekranyň gysga wagtlyk täsir etmegi hem bir ýaşa çenli çagalarda beýniniň ösüşine ýaramaz täsir edip, olaryň IQ ýetmezçiligini görkezmegine sebäp bolýar. Uly adamlarda Internete baglanmagyň jikme-jiklikleri az öwrenilen hem bolsa, hünärmenler olarda emosional ýadawlyk, depressiýa we ukusyzlyk ýaly alamatlaryň bardygyny belleýärler. Internete baglanmak meselesi indi ählumumy meselä öwrülip barýar: ol şeýle bir giň ýaýrady welin, 2020-nji ýylda BSGG ony wagtyňy dolandyryp bilmezlige, ukynyň bozulmagyna, energiýanyň ýitmegine we ünsüňi jemlemek ukybynyň peselmegine sebäp bolup biljek dünýä meselesi hökmünde resmi taýdan ykrar etdi. Internete baglanmaga garşy göreşmegiň esasy wezipesi ulanyjyny internetden hemişelik mahrum etmek däl-de, onuň bilen sagdyn gatnaşyk gurmaga kömek etmekdir. Munuň üçin şu aşakdakylar zerur: Internete sarp edilýän wagty çäklendirmeli. Interneti öz-özüňi ösdürmek we öwrenmek üçin ulanmaly. Wagtal-wagtal ekrandan daşlaşyp, dynç almaly. Köp wagtyňy hakyky dünýäde geçirmeli. Internetiň peýdaly gural bolup biljekdigini ýatda saklamaly. Elektron kitaplaryň we okamagy öwrenmek üçin programmalaryň çagalaryň okamak endiklerine oňyn täsir edip biljekdigini görkezýän barlaglar bar. Hünärmenler internetiň ýaşlar üçin beýleki oňyn taraplaryny hem belleýärler: gözýetimleriniň giňemeginde we çaganyň zerur sanly endikleriniň ýokarlanmagynda orny uly.

Tehnologiýa, Ata Watan tarapyndan 5 months ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir