ABŞ-da ýerleşýän Elektrotehnikanyň we elektronikanyň inženerleri instituty (IEEE) tarapyndan geçirilen barlagda GPT-4 emeli aň (AI) modeli adam aragatnaşygyna öýkünip bilmek ukybyny şeýlebir derejede görkezdi welin, synaga gatnaşanlaryň 54%-i oňa adamdyr öýtdi diýip, LiveScience portaly ýazýar. Synagda 500 adam hakyky adam we üç sany AI modeli: 1960-njy ýyllaryň ELIZA-sy, GPT-3.5 we GPT-4 bilen söhbetdeş boldy. Gepleşikler bäş minut dowam etdi, şondan soň gatnaşyjylar kim bilen gepleşendigini - janly söhbetdeş bilenmi ýa-da emeli aň - kesgitlemeli boldular. GPT-4 özünden ozalky ELIZA-ny (22%) we GPT-3.5-i (50%) ýeňdi, şeýle hem dili ynandyryjy bilmek ussatlygyny we hakyky gepleşikleri alyp barmak ukybyny görkezip, Týuring synagyndan 30% geçdi. Janly söhbetdeşi synagdan geçýänleriň 67% -i tanady. “Maşynlar kognitiw ýoýulma sezewar bolýarlar, aldanýarlar we manipulirlenýärler hem-de olaryň özleri hem barha aldawçy bolup barýarlar . Bu elementleriň hemmesi adamyň gowşak taraplarynyň we islegleriniň AI ulgamlarynda şöhlelenýändigini we olaryň adama has meňzeşleşýändigini aňladýar "- diýip, AI boýunça barlagçy Nell Uotson pikir ýöredýär. Týuring synagy - bu matematik we kriptograf Alan Týuring tarapyndan 1950-nji ýylda kompýuteri adamdan tapawutlandyrmak üçin teklip edilen empirik synag. Kazylaryň 30% -den gowragy maşyna sorag berip, ony adam bilen bulaşdyrsa, synagdan geçdi diýip hasaplanýar.

Tehnologiýa, Ata Watan tarapyndan 6 months ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir