Ilon Mask ýokary göterilýän Tesla Roadster hakda ýene-de bir gezek çykyş edip, awtoulagyň ýerden 1-1,8 metr beýiklikde aýlanmagyna mümkinçilik berjek “raketa” tehnologiýasy bilen üpjün ediljekdigini tassyklady. Telekeçi ozal 2017-nji ýylda Tesla Roadster-i yglan edip, awtoulagyň goşmaça enjamlaryň kömegi bilen uçup biljekdigini wada beripdi. 2021-nji ýylda Mask Roadster-iň gysylan sowuk gaz bilen işleýän 10 sany kiçijik raketa güýçlendirijisi bilen üpjün ediljekdigini aýtdy. Millioner: "Men bu zadyň adamlary öldürmän nädip gaýyp uçup biljekdigini anyklamaga synanyşýaryn" - diýdi. Indi Teslanyň ýolbaşçysynyň aýdanlary has hakykata laýyk görünýär, sebäbi ol şu ýyl awtoulagy resmi taýdan hödürlemegi wada berýär we howada gaýýan elektrik awtoulagyny köpçülikleýin öndürilmek 2025-nji ýyla meýilleşdirilýär. Awtoulagyň bahasy entek kesgitlenmedi, ýöne azyndan 200 000 dollar bolar diýip çak edilýär.

Tehnologiýa, Ata Watan tarapyndan 6 months ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir