OpenAI 2025-nji ýylyň ahyrynda ýa-da 2026-njy ýylyň başynda çykjak meşhur GPT-5 dil modeliniň täze wersiýasy bilen haýran galdyrjakdygyny wada berdi. Kompaniýanyň tehniki direktory Mira Muratiniň sözlerine görä, GPT-5 belli bir işleri ýerine ýetirmekde ylymlaryň kandidaty bilen deňeçer akyl görkezer. Murati GPT-modelleriniň ösüşini adam ösüşiniň basgançaklary bilen deňeşdirdi: GPT-3 ýaş çaganyň akyl-paýhasyna, GPT-4 bolsa - orta mekdebi gutaran adamyňka laýyk gelýär. “Ondan soňraky birnäçe ýylyň dowamynda Ph.D. (ylymlaryň kandidaty bilen deňeçer - redaktoryň belligi) derejesindäki intellekte serederis. Şeýlelik bilen, ýagdaýlar çalt üýtgeýär we gowulaşýar "- diýip, OpenAI-yň tehniki direktory belledi. GPT-5-iň şu ýyl çykarmagyna garaşylýardy, ýöne kompaniýa GPT-4o-nyň çaltlaşdyrylan we goşmaça taýýarlanan görnüşini hödürledi. Bu model çäklendirilen tertipde ähli ulanyjylar üçin mugt elýeterlidir, tölegli abuna gündizki limiti ýokarlandyrýar. Hünärmenleriň pikirine görä, täze model has uly mümkinçiliklere eýe bolup, emeli aň hakyndaky pikiri düýpgöter üýtgedip biler.